Braziliýada syýasy krizisinden soň ykdysady çökgünlik başdan geçirilýär
Olimpiada oýunlaryna ýer eýeçiligini etjek Braziliýada syýasy krizisinden soň ykdysady çökgünlik başdan geçirilýär

Rio De Žaneiroda ykdysady çökgünlik sebäpli ykdysady taýdan gyssagly ýagdaý yglan edildi.
Awgust aýynda başlajak olimpiada oýunlarynyň çykdajylarynyň esasy bölegi ştatyň bujetinden gidirilýär.
Döwlet bolsa transport we howpsyzlygyň üpjün edilmegi ýaly jogapkärçiligi öz üstüne aldy.
Emma Braziliýanyň ykdysadyýetindäki çökgünlikler ştatyň olimpiada oýunlary üçin beren wadalaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini görkezýär.
Ştatyň wagtlaýyn gubernatory Fransisko Dornelles oýunlara 50 günden az wagt galanda maddy taýdan goldaw berilmegi üçin çagyryş berdi.
Dornelles başdan geçirilýän ykdysady çökgünlik sebäpli oýunlar üçin degişli maýa goýmuň goýlup bilinmeýändigini aýtdy.
Rio olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtly 500 müň myhmanyň gelmegi üçin taýarlyk görýär
Degişli Habarlar

Russiýanyň kazyýeti “Volkswagen” kärhanasynyň Russiýadaky ähli emläklerini doňdurdy
Kärhananyň satuw işleri 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 80 göterim peselipdi

LNG Gämileri Türkiýä Geldi
ABŞ-dan we Alžirden ýola çykan suwuklandyrlan tebigi gaz daşaýan gämiler Türkiýä geldi.