TAP taslamasyna badalga berildi

Taslamanyň gymmaty 45 milliard ýewro barabar bolar

493171
TAP taslamasyna badalga berildi

Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Ýewropa ýetirjek Trans-Adriýatik tebigy gaz turba geçirijisine düýn Gresiýanyň Salonik şäherinde badalga berildi.

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen Energetika ministri Panos Skourletisiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen dabara Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak hem gatnaşdy.

Ministr Albaýrak dabarada eden çykyşynda tejribesi bilen Türkiýäniň energetika pudagynda hyzmatdaşlyk we howpsyzlyk taýdan ýerleşýän geografiýasynda esasy orun eýeleýändigine ünsi çekdi.

Albaýrak Türkiýäniň TANAP taslamasy ýaly TAP taslamasyna hem doly goldaw berýändigini aýratyn belledi.

Albaýrak energetika pudagynda edilýän hyzmatdaşlyklaryň sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna uly goşant goşjakdygyny ýatlatdy.

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bolsa TANAP we TAP taslamasynyň ýurtlaryň ykdysadyýetine uly goşant goşjakdygyny nygtady.

TAP taslamasynyň 550 km-i Demirgazyk Gresiýadan, 215 km-i Albaniýadan, 105 km-i Adriýatik deňziniň aşagyndan, soňky 8 km-i bolsa İtaliýadan geçer.

Taslamanyň gymmaty 45 milliard ýewro barabar bolar.

Taslamanyň gurluşygynyň 2020-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

 

 

 



Degişli Habarlar