Syýahatçylyk pudagyna Eýran hüjümi

Eýrandan gelen wekiller eýýäm ilkinji günde sebite haýran galdy

491959
Syýahatçylyk pudagyna Eýran hüjümi

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň işgärleri Antalýanyň meşhur syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Kalkanda Eýrandan gelen 62 tur operatoryň wekillerini sebit bilen tanyşdyrdy.

Eýrandan gelen wekiller eýýäm ilkinji günde sebite haýran galdy.

Eýranyň tur operatorlarynyň wekilleri 4 günüň dowamynda Kaş, Kalkan we Mugladaky tebigy we taryhy gözellikleri görmäge mümkinçilik tapar.

Syýahatçylyk ministrligi we Türk howa ýollary tarapyndan bundan ozal hem Kalkan we onuň töwereginde Saud Arabystanyndan, Kuweýtden we Liwandan gelen tur operatorlar üçin gezelenç gurnapdy.



Degişli Habarlar