Türk-Arap işewür adamlary maslahaty Stambulda geçirler

Işewür adamlary maslahatyna 500-den gowrak ýokary derejeli myhman gatnaşar

479362
Türk-Arap işewür adamlary maslahaty  Stambulda geçirler

 

Türkiýäniň Biržalar we palatalar birleşmesi tarapyndan berlen beýanata görä, Türk-Arap işewür adamlary maslahatyna 500-den gowrak ýokary derejeli myhman gatnaşar.

Işewür adamlary maslahatyna Katar hem myhman ýurt hökmünde gatnaşar.

Türk-Arap işewür adamlary maslahatynda türk we arap ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda soňky 10 ýylda durmuşa geçirilen işler bilen birlikde geljek 10 ýylda durmuşa geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşylar

2005-nji ýyldan bäri her ýyl yzygiderli ýagdaýda geçirilýan Türk-Arap işewür adamlary maslahatyna häzire çenli 8 premýer ministr, 72 ministr, 635 firma bilen 5 müňden gowrak adam gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar