Bosfor bogazynyň aşagynda pyýadalar üçin ýol...

Topbaş maýalaryň uly bölegini transporta aýyrandyklaryny we esasan hem metro ähmiýet berendiklerini habar berdi

472008
Bosfor bogazynyň aşagynda pyýadalar üçin ýol...

Stambul şäheriniň häkimi Kadir Topbaş Bosfor bogazynyň aşagynda Üsküdar-Kabataş aralygynda deňiziň aşagynda pyýadalar üçin ýol gurjakdyklaryny mälim etdi.

Stambul şäher häkimligi 2015-nji ýyl Iş meýilnamasyny häkimligiň mejlisine hödürlän Topbaş käbir taslamalary ilkinji gezek beýan etdi.

Topbaş maýalaryň uly bölegini transporta aýyrandyklaryny we esasan hem metro ähmiýet berendiklerini habar berdi.

Stambul Howa ýollary kärhanasyny gurjakdyklaryny bellän häkim Topbaş: “Ýurduň öz içinde uçan we göllere hem gonup bilen, uçar taksi görnüşinde işlejek howa ýollary kärhanasy bolar. Taslama şähere we ýurda uly goşant goşar" diýdi.



Degişli Habarlar