Kanuk bozujylykda Putiniň hem uly paýy bar

Ykdysady çykgynyzlyk bilen göreşýän rus halkyna görä iň uly meseleleriň biri bolan kanun bozujylykda ýurduň Prezident Wladimir Putiniň hem uly paýy bar

466739
Kanuk bozujylykda Putiniň hem uly paýy bar

Rus ylmy-derňew kärhanasy Lewada merkeziniň geçiren ylmy-derňewine görä rus halkynyň 66 göterimi ýurtdaky kanun bozujylygyň iň uly jogapkärlerinden biri hökmünde Prezident Wladimir Putin diýip pikir edýän bolsa, 51 göterim adam ähli döwlet guramalarynyň uly mukdarda kanun bozujylyga degişlidigini belleýär.

Sowalnama gatnaşan adamlaryň 44 göterimi Putiniň kanun bozujylyk bilen göreşýändigini emma, şol meselede başarnykly däldigini we Russiýanyň kanun bozujylyk meselesinde aýyryp bolmajak bir hakykata öwrülendigini nygtaýarlar.

Sowalnama gatnaşanlaryň 19 göterimi Wladimir Putiniň özüniň kanun bozujylygyň içindedigini bellän bolsa, 41 göterimi ýurtdaky ähli syýasatçylaryň aglabasynyň kanun bozýandygyny pikir edýärler.



Degişli Habarlar