Sabiha Gökçen howa menzili Ýewropada 1-nji boldy

Howa menziliň ýolagçysynyň sany 2015-nji ýylda 19,7 göterim artdy

428384
Sabiha Gökçen howa menzili Ýewropada 1-nji boldy

Stambuldaky Sabiha Gökçen halkara howa menzili ýolagçy sanyny geçen ýyl 19,7 göterim artdyryp, “10-25 million ýolagçy" kategoriýasynda Ýewropada 1-nji oruna mynasyp boldy.


“Airports Council International" (ACI) Ýewropa tarapyndan beýan edilen netijelere görä Sabiha Gökçen howa menzili 2015-nji ýylda ýolagçy sanyny 19,7 göterim artdyryp “10-25 million ýolagçy" kategoriýasynda “Iň çalt ösýän howa menzili" adyna ýene bir gezek mynasyp boldy.

Bu başarnyklygy bilen Sabiha Gökçen halkara howa menzili 2009-njy ýylda soň eýýäm 7 ýyl bäri şol kategoriýadaky baş oruny gorap saklaýar.


Degişli Habarlar