Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiligi azaldy

2015-nji ýyl bilen baglanşykly deslapky daşary söwda statistik maglumatlar beýan edildi

425748
Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiligi azaldy
Daşary söwda ýetmezçiligi 25,2 göterim azalyp 84 milliard 567 million dollardan 63 milliard 268 million dollara çenli azaldy.
Eksport we import 2015-nji ýylda 2014-nji ýyla garanyňda peseldi.
Eksport 8,7 göterim azalyp, 143 milliard 935 million dollara çenli aşaklady.
14,4 göterim azalan import bolsa 207 milliard 203 million dollara çenli aşaklady.
Türkiýäniň eksporty 2015-nji ýylyň dekabr aýynda 11 milliard 802 million dollar, import bolsa 17 milliard 984 million dollar boldy. Şol döwürde daşary söwda ýetmezçiligi bolsa 27,4 göterim azalyp 6 milliard 183 million dollara çenli peseldi.
Iň köp eksport ýene-de Germaniýa edildi.
Importda bolsa Hytaý 1-nji boldy.


Degişli Habarlar