ABŞ Eýranyň saklanan pullaryny yzyna berer.

ABŞ Eýranyň saklanan pullarynyň 35 ýyl soň yzyna berer

423149
ABŞ Eýranyň saklanan pullaryny yzyna berer.


ABŞ Eýranyň saklanan pullaryny yzyna berer

Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygynyň güýje girmeginden soň ABŞ Eýranyň saklanan pullarynyň yzyna beriljekdigini habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň 1981-nji ýyldan bäri saklanan 400 million dollarynyň 1,3 milliard dollarlyk göterimi bilen jemi 1,7 milliard dollaryň yzyna beriljekdigini aýtdy.

Kerri mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Eýran bilen ABŞ-nyň Gagadaky kaziýetde Eýranyň saklanan pullarynyň 35 ýyl soň yzyna berilmegi hakynda ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar