"Katar ähli taraplaýyn Türkiýäniň ýanynda"

Kataryň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Salim Mubarek Al Şafi ýurdunyň energetika bilen birlikde ähli taraplaýyn doganlyk Türkiýäniň ýanyndadygyny aýtdy

364312
"Katar ähli taraplaýyn Türkiýäniň ýanynda"

“Anadoly” habarlar gullugynyň soraglaryna jogap beren Al Şafi Türkiýäni doganlyk ýurt hökmünde görýändiklerini nygtap: “Biz energetika bilen birlikde ähli taraplaýyn Türkiýäniň ýanynda. Doganlyk Türkiýe näçe mukdarda suwklandyrylan gaz islese, biz üpjün etmäge taýar” diýip nygtady.
Salim Mubarek Al Şafi Prezident Erdoganyň üstümizdäki aýyň başynda Katara guran saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam ösendigini nygtady.
Al Şafi Türkiýe bilen Kataryň arasynda 1,2 milliard kubmetrlik suwklandyrylan tebigy gaz söwdasynyň bardygyny aýtdy.
Katar dünýäde tebigy gaz ätiýajynyň 14 göterimine eýe.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar