Ýewropa Türk akymyna doly goldaw berýär

Ünsler Ankara we Moskwa gönükdi

367428
Ýewropa Türk akymyna doly goldaw berýär

Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň G20-niň maslahatyndan soň dowam etdirilmegi barada netijä gelinen Türk akymy taslamasyna Ýewropa doly goldaw berýändigini beýan etdi.
“Sabah” gazetiniň habar bermegine görä ÝB Türkiýäni Ýewropanyň energetika bazasyna öwürjek üç sany esasy tebigy gaz taslamasyny goldajakdygyny habar berdi.
ÝB-niň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen resminama görä Merkezi we Gündogar Ýewopa bilen bagly üç sany täze energetika taslamasy “ileri tutulýan taslama” hökmünde yglan edildi we tassyklandy. Şol taslamalaryň başynda Türk akymyndan çekiljek, Gresiýadan Awstriýa ýetiriljek Tesla turba geçirijisi durýar.
ÝB Hazar deňizinden çykarylýan tebigy gazy Ýewropa akdyrjak Trans-Anadoly tebigy gaz turba geçiriji liniýasyna we azeri hem-de türkmen tebigy gazyny Türkiýä akdyrjak Trans-Hazar turba geçiriji taslamalaryna hem goldaw berer.
ÝB-niň şol taslamalary ileri tutulýan taslamalar hökmünde yglan etmegi Brýusseliň şu günki güne çenli Türk akymyna seresaply çemeleşmesini üýtgedendigi manysyny aňladýar.
Ýylda 27 milliard kub metr gaz akdyrma güýjüne eýe, 2019-njy ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýän, 1300 kilometr uzynlyga eýe bolan Tesla liniýasy Türk akymy üçin hem möhüm. Şol turba geçiriji liniýasy Türk akymyny Awstriýa çenli ýetirjek boşmaça turba geçiriji hökmünde kabul edilýär. Tesla turba geçiriji liniýasynyň Türk akymy arkaly rus gazyny, TANAP taslamasy arkaly azeri gazyny aljakdygy aýdylýar.
ÝB-niň tassyklamagyndan soň Türk akymynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin ünsler Ankara bilen Moskwanyň arasyndaky ylalaşyga gönükdi.
Ylalaşyga 15-nji dekabrda Tatarystanyň paýtagty Gazan şäherinde duşuşjak Prezident Erdogan bilen Putin tarapyndan gol çekişilmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar