Ýanowski:"Türk akymy" turba geçiriji taslamasyna seredip bileris

Russiýanyň Energetika ministriniň orunbasary Anatoli Ýanowski G20-niň hepdäniň ahyrynda Antalýada geçiriljek maslahatynyň çäginde türk tarapy bilen “Türk akymy” turba geçirisinin gurluşygy barasynda pikir alyşyp biljekdiklerini aýtdy

Ýanowski:"Türk akymy" turba geçiriji taslamasyna seredip bileris

“İnterfaks” habarlar gullugyne beýanat beren Ýanowski, “Türk akymy” taslamasy baradaky hökümetara ylalaşygyna golaýda gol çekişilmegine garaşylmaýandygyny hem nygtady.
Ýanowski Türkiýäniň rus tebigy gazynyň nyrhy meselesini halkara abritražyň garamagyna hödürlemegi bilen “Türk akymynyň” geljeginiň arasynda arabaglanşyk gurmagyň ýerlikli bolmajakdygyny aýtdy.
Habarlar gullugy iki ýurduň energetika ministrlikleriniň Russiýadan başlap Gara deňiziň üstaşyr Türkiýä çekilmegi meýilleşdirilýän tebigy gaz turba göteriji taslamasy “Türk akymynyň” ylalaşygyny 1-nji noýabra çenli taýarlak barasynda netijä gelendiklerini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar