Türkiýäniň ykdysady ösüş depgini ara alnyp maslahatlaşyldy

Mehmet Büýükekşi göwher eksportynyň artandygyny belledi

386981
Türkiýäniň ykdysady ösüş depgini ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýäniň ykdysady ösüş depgini we eksporty Trabzonda geçirlen maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýäniň eksportçylar mejlisi tarapyndan geçirlen maslahata 77 ýurduň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi bilen konsullary gatnaşdy.
Maslahatda söz sözlän Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Mehmet Büýükekşi göwher eksportynyň artandygyny belledi.
Syýahatçylyk pudagynyň girdejisiniň hem ýokarlandygyny aýdan Büýükekşi Türkiýäniň dünýäde iň köp syýahatçyny kabul eden 6-njy ýurtdyny, geçen ýyl Türkiýä 37 million syýahatçynyň gelendigini ýatlatdy.
Howa ýoly gatnawynda hem Türkiýede uly öňe gidişlik edilendigini aýdan Büýükekşi “Howa ýoly gatnawynda Türkiýäniň 10,5 milliard dollarlyk eksport girdejisi bar” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar