Türk akymynyň inženerçilik işleriniň geçirilmegine rugsat berild

Türkiýäniň energetika pudagyndaky pozisiýasyny güýçlendirjek Türk akymy taslamasy bilen bagly işler dowam edýär

315589
Türk akymynyň inženerçilik işleriniň geçirilmegine rugsat berild

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazprom Türkiýäniň Türk akymy üçin inženerçilik işleriniň geçirilmegine rugsat berilendigini habar berdi.
Gazpromdan berilen resmi beýanata laýyklykda Türk akymynyň deňiziň aşagyndan geçjek bölegi dört liniýadan ybarat.
Şol liniýalaryň her biri ýylda 15,75 kub metr tebigy gaz geçirer.
Turba geçirijisiniň 600 kilometrlik bölegi bes edilen Günorta akym taslamasynyň ugrundan geçer. Soňky 250 kilometrlik bölegi bolsa Türkiýäniň Ýewropa kontinentindäki bölegine tarap çekiler.
İki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda birinji liniýadan akdyryljak tebigy gaz Türkiýäniň bazarlaryna beriler.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türk akymy taslamasyny 2014-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkiýe saparynyň dowamynda gün tertibine getiripdi.
Türk akymy taslamasy arkaly 63 milliard kub metr rus gazynyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Şol mukdaryň 47 milliard kub metrlik bölegi Ýewropanyň bazarlaryna ýetiriler, 16 milliard kub metri bolsa Türkiýede sarp ediler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar