Türk Akymy taslamasy üçin işe girişilýär

Hökümetara şertanama üstümizdäki aýyň ahyryna çenli gol çekişiler

299242
Türk Akymy taslamasy üçin işe girişilýär

Rus tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna ýetirjek Türk Akymy taslamasy üçin işe girişilýär.
Rus Gazprom firmasynyň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Aleksander Medwedew Türk Akymy taslamasynyň gurluşygyna başlanmagy üçin hökümetara şertanama üstümizdäki aýyň ahyryna çenli gol çekişiljekdigini aýtdy.
Taslama barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat beren Rus Gazprom firmasynyň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Aleksander Medwedew Türkiýede geçirlen saýlawyň netijeleriniň taslama täsirini ýetirmejekdigini nygtady.
Medwedew Türk Akymy taslamasynyň birinji tapgyrynyň gymmatynyň 3 milliard 300 million ýewro barabar bolup biljekdigini aýtdy.
Rus gazyny Ýewropa ýetirjek Günorta Akym taslamasynyň bes edilmeginden soň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geçen ýylyň dekabr aýynda, rus gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirjek täze turba geçiriji taslamasynyň gurlup bilinjekdigini aýdypdy.
Türk Akymy taslamasy 63 milliard kub metr mümkinçilige eýe bolar. Şol mukdaryň 47 milliard kub metrlik böleginiň Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagy, galan 16 milliard kub metriniň bolsa Türkiýede sarp edilmegi göz öňünde tutulýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar