"Eýran Türk akymdan peýdalanyp biler"

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklar müdiri Azizullah Remezani ýurdunyň tebigy gazyny Ýewropa akdyrmak üçin Türk akymyndan peýdalanyp biljekdigini aýtdy

292221
"Eýran Türk akymdan peýdalanyp biler"

Remezani Russiýanyň “Ria Nowosti” habar gullugynyn beýan etmegine görä: “Tebigy gazymyzy Ýewropa akdyrmak üçin Türk akymyndan peýdalanyp bileris. Ol mümkin, emma bu barasynda gepleşikler geçirilmedi. Russiýanyň we Türkiýänin turba geçirijilerinin Ýewropa barýan nokady şol bir wagtda Eýranyň turba geçirijilerinin Ýewropa ýetýän nokady bolup biler” diýdi.
Eýrany Ýewropa gaz akdyrmagy üçin Türkiýe bilen birlikde Gara denizi, Siriýany, Yragy we Ortaýer denizini hem seljerýändigine ünsi çeken Remezani, Eýrana Ýewropa ýurtlary tarapyndan goýulan sanksiýalar bes edilen halatynda gepleşikler üçin ilkinji başlangyjyň ediljekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar