Hytaý Russiýa milliardlarça dollarlyk kredit berer

Hytaý rus firmalaryna 3 ýylda 25 milliard dollarlyk kredit berer

268173
Hytaý Russiýa milliardlarça dollarlyk kredit berer

Ýeňişiň 70 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Moskwa baran Hytaýyň Döwlet başlygy Şi Jinping Russiýa, Gazagystan we Belarus bilen söwda bileleşigini döretmek üçin jarnama çap etdi.
Hytaýly lider bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň rus firmalaryna 3 ýylda 25 milliard dollarlyk kredit bermegini göz öňünde tutýan şertnama Moskwada gol çekişdi.
Iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, tebigy gaz, bankçylyk, iki taraply maýa goýumy we ýadro hyzmatdaşlygyny öz içine alýan 32 şertnama gol çekişildi.
Şertnamalaryň arasynda Hytaýyň Russiýadan gaz almagy üçin çekiljek turba geçiriji taslamasy esasy orun eýeleýär.
Iki lider mundan başgada oba hojalyk pudagyna 2 milliard dollarlyk maýa goýulmagy barada hem ylalaşyk gazandy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar