Goranyş senagatynyň wekilleri Stambulda duşuşar

IDEF 2015 sergisi ertir başlaýar

261081
Goranyş senagatynyň wekilleri Stambulda duşuşar

IDEF 2015 Halkara 12-nji Goranyş senagaty sergisi maý aýynyň 05-08-i aralygynda Stambulda Tüýap sergi we kongres merkezinde geçirler.
Serginiň açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşar.
Sergi goranyş senagaty bilen göniden ýada aýlawly ýollardan arabaglanşykly bolan ähli senagatlary öz içine alýar.
Halkara Goranyş senagaty sergisi, sergä gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda goranyş senagaty taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginde esasy rol oýnaýar.
IDEF, sergä gatnaşýan ýurtlaryň, toparlaryň we firmalaryň sany taýdan sebitiň iň uly, dünýäniň bolsa 5-nji goranyş sergisi hökmünde bilinýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar