Gazprom kynçylyk çekýär

Kärhananyň girdejisi barha azalýar

255174
Gazprom kynçylyk çekýär

Mundan birnäçe ýyl ozalam dünýäniň iň girdejili kärhanalaryndan biri bolan Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazprom agyr günleri başdan geçirýär
Gazpromyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 86 göterim azaldy.
2014-nji ýylyň maliýe netijelerini yglan eden Gazpromyň geçen ýylky girdejisi 3 milliard dollar hökmünde beýan edildi.
Firmanyň öňki ýyla degişli girdejisi bolsa 21 milliard dollardy.
Gazpromyň girdejisiniň aşaklamagynyň aňyrsynda rublyň hümmetiniň 50 göterim aşaklamagy we Ukraina meselesi sebäpli Russiýa goýlan çäklendirmeler durýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar