Gresiýa HPG-na karzyny töledi

Gresiýa Halkara Pul Gaznasyna bolan 450 million ýewrolyk karz bölegini töledi

232994
Gresiýa HPG-na karzyny töledi

Afynynyň 7 milliard ýewro möçberinde täze kömek alyp bilmegi üçin karzyny tölemegi möhümdi.
Çiprasyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, şeýlelikde karzlar boýunça syýasaty bilen bagly aladalary azaldyp, maýadarlary rahatlandyrdy.
İndi ünsler grek hökümetiniň durmuşa geçirjek maliýe özgertmeleri maksatnamasyna gönükdi.
Ýewro giňişligi kanagatlandyryjy özgertme maksatnamasyny durmuşa geçirmän halatynda grek hökümetine maliýe kömegini bermejekdigini beýan edipdi.
Gresiýa özgertme maksatnamasyny seljermegi üçin 6 gün möhlet berilipdi.
Resmi Afyny özgertmeleriň çäginde geçen hepde salgyt gaçakçylygyny we kontrabandanyň öňüni aljak käbir çäreleri durmuşa geçirmäge başlady.
Ýurtdaky işsizleriň sany bolsa ýewro giňişligindäkiden iki esse ýokary.
Gresiýanyň ykdysady çökgünlikden halas bolmagy üçin 2010-njy ýyldan bäri ÝB-den, Ýewropanyň Merkezi Bankyndan we HPG-dan ybarat bolan üçlükden alan iki karz bukjasynyň jemi möçberi 240 milliard ýewro.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar