"Sebitleýin ösüş boýunça milli strategiýa"

Ösüş ministrligi tarapyndan taýarlannan “Sebitleýin ösüş boýunça milli strategiýa” çap edildi

280488
"Sebitleýin ösüş boýunça milli strategiýa"

“Denagramly, ähli taraplaýyn ösüş” düşünjesi bilen taýarlanan strategiýa 2014-2023-nji ýyllaryň aralygyndaky döwüri öz içine alýar.
Şoňa laýyklykda sebitleýin ösüşiň düýp maksady “sosial-ykdysady we ýer taýdan bitewileşen, bäsdeşlik güýji hem-de abadançylyk derejesi ýokary sebitler bilen has deňagramly we ähli taraplaýyn ösen Türkiýe” hökmünde kesgitlendi.
Sebitleýin ösüş syýasaty ileri tutuluan milli ugurlara utgaşyklyk we ony tamamlaýyjylyk, pursatlaryň deňligi, birsydyrgynlyk, önjeýlilik, plýuralizm, hyzmatdaşlyk we şäriklik, köp gatlakly dolanşyk, ýerlilik we ýerliklilik ýörelgeleriniň çäginde seljerildi.
Sebitleýin ösüş maksadyna ýetmek üçin:
- Sebitleýin ösüş tapawutlyklary azaldylyp, abadançylygyň ýurduň ähli künjeklerinde deňagramly ýaýbaňlandyrylmagyna,
- Ähli sebitleriň eýe bolan potensiallary seljerilip, bäsdeşlik güýçleriniň artdyrylmagy arkaly milli ösüşi mümkin gadar goşant goşmagyna,
- Ykdysady we sosial bitewileşmäniň güýçlendirilmegine,
- Ýurtda deňagramly ýerleşiş ulgamynyň ýola goýulmagyna, üns beriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar