TANAP üçin gol çekişildi

17-nji martda taslamanyň Türkiýeden geçýän bölümi üçin Kars şäherinde badalga berler

263433
TANAP üçin gol çekişildi

Azerbaýjandaky Şahdeniz 2 käninden çykaryljak tebigy gazy Türkiýä we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirjek taslama üçin gol çekişildi
İňlis energetika firmasy BP, Azerbaýjanyň Sokar firmasy we Türkiýäniň Botaş firmasy Ankarada TANAP taslamasyna gol çekişdi.
Taslamanyň Türkiýe üçin strategiýa taýdan diýseň möhümdigini aýdan Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz, “TANAP diňe ykdysady däl eýsem şol bir wagtda syýasaty, doganlygy, goňşuçylygy we strategiýany öz içine alýan taslama” diýip belledi.
Gol çekişlik dabarasyndan soň ünsler 17-nji marta gönükdi.
17-nji martda taslamanyň Türkiýeden geçýän bölümi üçin Kars şäherinde badalga berler.
2018-nji ýylda hyzmada açyljak TANAP bilen birlikde Türkiýä ýylda 6, Ýewropa bolsa 10 milliard kub metrlik gaz akdyrlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar