"Gresiýanyň derdi siziň hem derdiňiz"

Çipras karz düşnüşmezliginiň çözülmegi üçin tagalla edýär

262465
"Gresiýanyň derdi siziň hem derdiňiz"

Gresiýanyň Premýer ministri Çipras karz düşnüşmezliginiň çözülmegi üçin tagalla edýär.
Karz düşnüşmezliginiň çözülmegi maksady bilen Brýussele giden Çipras “Gresiýanyň başdan geçirýän ykdysady çökgünligi biziň hemmämiziň umumy meselämiz. Biz elimizden geleni edýäris, Ýewropaly dostlarymyzdan goldawa garaşýarys” diýip belledi.
Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulz bilen duşuşandan soň metbugata beýanat beren Çipras “Gresiýanyň derdi siziň hem derdiňiz” diýdi.
Çipras “Gresiýa öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirýär. Wagtymyzyň 90 göterimini ykdysady kynçylyklary çözmek we ýewro giňişligi bilen ylalaşmak üçin sarp edýärin. Gresiýa ýaly ýewro giňişligindäki beýleki ýurtlaryň hem tagalla etjekdigine ynanýaryn” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar