"11 ýylda 11 täze kömür käni tapyldy"

“Ýerli we daşary ýurtly maýadarlary Türkiýede täze kömür magdanlarynyň açylmagy üçin höweslendirýäris”

219356
"11 ýylda 11 täze kömür käni tapyldy"

Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz 11 ýylda 11 täze kömür käniniň tapylandygyny aýtdy.
7 milliard tonna golaý täze ätiýajyň tapylandygyny aýdan ministr Ýyldyz, ýerli we daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýede täze kömür magdanlarynyň açylmagy üçin höweslendirlendigini ýatlatdy.
Kaýseri welaýatynda Türkiýäniň Köpçülikleýin Umumy ýaşaýyş jaý edarasy tarapyndan gurlan 546 ýaşaýyş jaýynyň bije çekilşik dabarasyna gatnaşan Ýyldyz köpçülikleýin habar berilş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.
Prezident R. T. Erdoganyň Latyn Amerika ýurtlaryna guran saparyndan gaýdyp gelýärkä “import edilen kömüriň hili ýokary bolup biler, emma öz ýurdumyzda çykarylýan kömüri ulanmalydyrys” diýendigini ýatladan Taner Ýyldyz, “ýerli we daşary ýurtly maýadarlary Türkiýede täze kömür magdanlarynyň açylmagy üçin höweslendirýäris” diýip belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar