Merkezi bankyň ätiýaçlary artdy

Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň (TRMB) umumy ätiýajy 398 million dollar artdy we jemi 130 milliard 927 million dollar boldy

Merkezi bankyň ätiýaçlary artdy

TRMB-nyň hepdelik puluň we bankyň hasabatyna görä, walýuta ätiýajy geçen hepde 398 million dollar artdy we 109 milliard 640 million dollar bolan ätiýaç 110 milliard 38 million dollara barabar boldy.
TRMB-nyň umumy ätiýajy 2015-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda 130 milliard 529 million dollardy. 6-njy fewrala çenli 398 million dollar köpelen ätiýaç 130 milliard 927 million dollara barabar boldy.
Altyn rezerwi bolsa 6-njy fewrala çenli ondan öňki hepde bilen deňeşdirilende üýtgemedi. Altyn ätiýajy 20 milliard 889 million dollara barabar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar