Russiýa gaz meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Russiýa Ukraina we Ýewropa gaz akdyrmak boýunça ýetilen soňky sepgidi seljerdi

192104
Russiýa gaz meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Russiýanyň Premýer ministri Dmitri Medwedewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Senagat toparynyň maslahatyna energetika ministri Aleksandr Nowak bilen Gazpromyň başlygy Alekseý Miller hem gatnaşdy.
Maslahatda Medwedewe maglumat beren Gazpromyň başlygy Miller Ukraina bilen “gyşky bukja” şertnamasynyň möhletiniň 1-nji aprelde gutarýandygyny we şol günden soň ediljek satuwlaryň ozalky nyrh bolan müň kub metr gaza 485 dollardan hasaplanjakdygyny aýtdy.
Miller Ukrainanyň ýanwar aýy üçin 1 milliard kub metr gaz üçin nagt töleg tölandigini ýatladyp, şu günki güne çenli 600 million kub metr gazyň akdyrylandygyny habar berdi.
Energetika ministri Nowak bolsa ÝB bilen üstaşyr gaz şertnamasynyň möhletiniň 2019-njy ýylda gutarjakdygyny ýatladyp, şol seneden soň Ýewropa akdyryljak gazyň “Türk akymy” arkaly beriljekdigini aýtdy.
Nowak “Şol sebäpli ýewropaly kardeşlerime degişi taýarlyklaryny görmeklerini maslahat berýarin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar