"Russiýa bilen söwda gatnaşygynyň öňündäkki bökdençlikleri aýyrarys"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýäniň Russiýa bilen gökümetara dialogynyň ýokary derejededigini nygtap, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde Russiýa bilen edilýän söwda gatnaşygynyň öňündäki ähli tehniki bökdençlikleri ortadan aýyrmak üçin iş alyp barýandyklaryny aýtdy

"Russiýa bilen söwda gatnaşygynyň öňündäkki bökdençlikleri aýyrarys"

Zeýbekji Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň “2014-nji ýylyň Eksport we ykdysady seljeriş hem-de giňeldilen maslahatynda” Russiýa bilen ykdysady gatnaşyklar barada çykyş etdi.
Zeýbekji çykyşynda: “Tehniki toparlaryň duşuşyklary yzgiderli dowam edýär. Ähli ministrliklerimiziň gatnaşmagynda Russiýa bilen söwda gatnaşyklarynda ähli bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy üçin iş alyp barylýar. Fewral aýynyň dowamynda Antalýada Russiýanyň ähli pudaklarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýäris. Russiýanyň we Türkiýäniň ähli býurokratiýasy bilen ähli meseleleri diňläp, degişli netijeleriň çykarylmagy üçin işe girişmekçi” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar