Köşküň tagamlary 08

              Köşküň tagamlary 08

        

         Osman köşk aşhanasynyň ajaýyp tagamlarynyň reseptlerini dykgatyňyza ýetirýän gepleşigimiziň bu sanynda  sizi ady dünýäniň iň bir gymmat bahaly hoşboý ysly ösümligi bolan zagpyrandan gelip çykýan Safranbola alyp gitmekçi we şu hepdeki naharymyz “Kabuni palawyny” Tokatly kanionynyň ugrunda ýerleşýan dünýäniň ikinji, Türkiýäniň ilkinji aýna terassasynyň ajaýyp panoramasynda bişirmekçi.

 

Şu nahar üçin gerek bolan önümler:

250 gram guzy eti

3 nahar çemçesi sap ýag

2 käse tüwi

2,5 käse suw

50 gram artylan badam

1 nahar çemçesi kişmiş

Bir tutum zagpyran

Tuz, dalçyn

 

         Bu naharyň bişirilişine ýene-de Baş aşpez-medeniýeti öwreniji hormatly Ýunus Emre Akkoryň gürrüň bermeginde tomaşa etmezden ozal sizi gysga Kappadokiýa gezelenjine çykarmakçy