Köşküň Tagamlary 23

Osman köşk aşhanasynyň ajaýyp reseptlerini dykgatyňyza hödürleýän gepleşigimiziň bu sanynda sizi Eskişehiriň gadymy ýaşaýyş merkezlerinden biri bolan Odunpazaryna alyp gitmekçi we Aýranly Saj kebabyny Porsuk çaýynyň kenarynda bişirmekçi.

Bu nahar üçin gerek bolan önümler:

1,5 kg. dogralan guzy eti

150 gram mesge

3 suw stakany aýran

1 sany limon

Duz

Gara burç

 

   Şu naharyň bişirlişine baş aşpez-medeniýeti öwreniji hormatly Ýunus Emre Akkoryň gürrüň bermeginde tomaşa etmäge başlamazdan ozal sizi gysgaça Eskişehir-Odunpazary gezelenjine çykarmak isleýäris.