Gazagystan we Türkmenistan transport koridorlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada ylalaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanda resmi saparda boldy

Meredowy paýtagt Astana şäherinde Gazagystanyň wise-premýeri we Daşary işler ministri Murat Nurtleu tarapyndan garşylandy.
Nurtleu bilen Meredow ikiçäk we toparara gepleşiklerinden soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler.
Gazagystanyň Daşary işler ministri Nurtleu ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň hem goňşy, hem doganlyk ýurtdugyny aýdan Nurtleu, türkmen kärdeşi bilen esasan hem serhetdeş welaýatlaryň arasynda hyzmatdaşlygy artdyrmak meselesine aýratyn ünsi çekdi.
Nurtleu ýurdunda türkmen maýaly takmynan 100 kärhananyň iş alyp barýandygyna ünsleri çekip, şol çäkde tranzit transport koridorlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada ylalaşandyklaryny habar berdi.
Esasan hem "Gazagystan-Türkmenistan-Eýran" ýolundaky demirýol liniýasynyň strategiki ähmiýetine aýratyn ünsleri çekendiklerini aýdan Nurtleu, şeýle hem Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky demir ýol liniýasyny giňeltmegi, serhetdäki barlag nokatlarynyň janlandyrylmagy barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklary artdyrmak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Aral köli bilen bagly meseleler barada geňeşmeler geçirendiklerini aýdan Meredow, gazak kärdeşi bilen şol çäkde bilelikde iş alyp barmak babatynda ylalaşandyklaryny beýan etdi.
Energetika pudagynda esasan hem gaz pudagy boýunça Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýdan Meredow: "Hazar deňziniň gündogaryndaky Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demir ýol liniýasynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap geçdik" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.