Türkmenistan BMG Bilen Täze Sahypa Açdy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň dünýä ýurtlaryna görelde bolup durýandygyny aýtdy.

2160317
Türkmenistan BMG Bilen Täze Sahypa Açdy
undefined
TKM-BM 3.jpeg
TKM-BM 4.jpeg
undefined

Orta Aziýa ýurtlaryna saparyny Türkmenistan bilen tamamlan Guterriş, döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Guterriş saparynyň çäginde BMG-niň binasynyň açylyşyna gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana iki günlük resmi sapar gurady. Türkmen halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan howa menzilinde garşy alynan Guterriş döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşykda halkara howpsuzlyk, birsydyrgyn galkynyş we howanyň üýtgemegi bilen meselelere garaldy. BMG bilen Türkmenistanyň arasynda täze bir tapgyryň başlandygy nygtaldy.

Soň BMG-nin Ofis binasyny açan Guterriş, dabrada sözlän sözünde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň dünýä ýurtlaryna görelde bolup durýandygyny aýtdy.

Guterriş Türkmenistanyň başlangyjy bilen geljek ýylyň “2025—nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” yglan edilendigini aýdan Guterriş, BMG-niň Orta Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň Türkmenistanda netijeli iş alypbarýandygyny nygtady.

BMG bilen ýakyn we köp ugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň strategik syýasy bolmagynda galýar. Türkmenistan 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasyna doly agzalyga saýlandy, 1995-njiýylda bir agyzdan bitaraplyk derejesini aldy.

 



Degişli Habarlar