Milli Goranmak Ministri Güler Türkmenistanda Saparda Boldy

Ministr Güler Türkmenistana guran resmi saparynyň çäginde kärdeşi Begenç Gündogdyýew bilen duşuşdy.

2156305
Milli Goranmak Ministri Güler Türkmenistanda Saparda Boldy

Ilki Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen Ýaşar Güler, soň Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedw bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda dost we dogan iki ýaran ýurduň arasynda goranyş pudagynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyk şetleri hakynda pikir alyşyldy.

Ministr Güler günüň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Akademiýasynda bolup, çykyş etdi.

Ýaşar Güler bir günlük saparyndan soň Aşgabatdan Özbegistana gitdi.



Degişli Habarlar