Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti Aşgabada Sapar Gurady

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahýan Türkmenistana sapar etdi.

2105961
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti Aşgabada Sapar Gurady
TKM -BAE 2.jpeg
TKM -BAE 3.jpeg
TKM -BAE 4.jpeg

Aşgabat halkara howa menzilinde ilkin türkmen halkynyň milli lideri we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşan Nahýan, soň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň lideri hökümetara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we iki taraply sarpa goýmagyň esasynda ösýändigini beýan etdi. Iki ýurduň uzak ýyllardan bäri dowam edýän hyzmatdaşlygynyň iki taraply bähbitlilik esasynda diwersifikasiýalaşdyrylmagy we anyk mazmunlar bilen baýlaşdyrylmagy üçin gerek bolan ähli şertleriň bardygyny aýtdy.

Taraplar duşuşykda syýasy, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda pikir alyşdy. Türkmen-Emirlik hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmeginde ýokary derejeli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Ýanwar aýyndan bäri Türkmenistandan Birleşen Arap Emirliklerine iki sany ýokary derejeli sapar guralypdy.



Degişli Habarlar