“Saýlawyň Netijeleri Doganlyk Türkmen Halky Üçün Düşümli Bolsun”
"Dost we doganlyk Türkmenistanyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris. Saýlawyň netijeleriniň türkmen halky üçün düşümli bolmagyny arzuw edýäris

Türkiýe, Türkmenistanda düýn geçirlen saýlawlaryň netijeleriniň türkmen halky üçin düşümli bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistanda düýn geçirlen Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawy barada Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýazmaça beýannama berildi.
Beýannamada “Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawynyň asuda ýagdaýda geçirilmegine kanagatlanma bildirýäris. Dost we doganlyk Türkmenistanyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris. Saýlawyň netijeleriniň türkmen halky üçün düşümli bolmagyny arzuw edýäris” diýildi.
Degişli Habarlar

Serdar Berdimuhamedow, Rejep Taýyp Erdoganyň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Rejep Taýyp Erdogany prezident saýlawynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady