Türkmenistan Türkiyä ynsanperwer kömek taýdan goldaw bermäge dowam edýär
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi 28-nji fewralda hem Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň koordinasiýasynda 8,6 tonnalyk ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulagy ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradypdy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Gyzyl ýarymaý jemgyýeti, Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň koordinasiýasynda 6-njy fewralda başdan geçirilen, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň zyýan ýetiren adamlar üçin takmynan 11 tonna ynsanperwer kömek ugratdy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden takmynan 4,1 tonna azyk, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden bolsa arassaçylyk serişdeleri, egin-eşik we azyk önümlerinden ybarat 6,8 tonna ynsanperwer kömegi ýük ulaglary bilen ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradyldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi 28-nji fewralda hem Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň koordinasiýasynda 8,6 tonnalyk ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulagy ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradypdy.
Degişli Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Katara Sapar Gurady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katara ilkinj resmi saparyny amala aşyrdy.