Mustafa Şentop, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Bilen Duşuşdy

Şentop, Türkiýe bilen Türkmenistanyň taryhy, dili, dini we medeni taýdan biri-birlerine bagly iki doganlyk ýurtdygyna ünsi çekdi

1930401
Mustafa Şentop, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Bilen Duşuşdy
TKM
TKM
TKM

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Antalýada geçirlen Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň 13-nji maslahatynyň çäginde özara duşuşyklar geçirdi.

Mustafa Şentop maslahata gatnaşmak üçin Antalýa gelen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşdy.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň taryhy, dili, dini we medeni taýdan biri-birlerine bagly iki doganlyk ýurtdygyna ünsi çeken Şentop, doganlyk halklara wekilçilik edýän mejlisleriň arasyndaky baglaryň hem tebigy ýagdaýda halklary ýaly ýakyn bolmalydygyny nygtady.

TBMM bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň arasynda baglaşylan ylalaşyk teswirnamasynyň, özara hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly goşant goşjakdygyny aýdan Şentop, “Türki dünýäsi hökmünde jebislikde arkalaşykly hereket etmegimiz häzirki wagtda bolşy ýaly geljekde hem parahatçylygyň we durnuklylygyň kepilnamasy bolar” diýdi.

 



Degişli Habarlar