Türkmenistan Owganystana Ynsanperwer Kömegini Ugratdy
Dünýäde iň şertlerini başdan geçirýän Owganystanda sowuk gyş sebäpli şertler günsaýyn agyrlaşýar.
Halkynyň 98 göterimi azyk ýetmezçiligi çekýän ýurda goňşusy Türkmenistan kömek elini uzatdy.
Owganystanda ykdysady çökgünlik, çaknyşyklar, gurakçylyk bilen bilelikde gyş paslygynyň gelmegi halkyň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar, ýoksullyk günsaýyn artýar. Her 10 hojalykdan 8 sanysy ýeterlik iýmitlenip bilmeýär.
Owganystanyň bu ýagdaýyna Türkmenistan ünssiz çemeleşmedi, goňşusyna ýardam elini uzatdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Owganystana ykdysady, sosial we gumanitar ugurlarda köp taraplaýyn kömek bermek maksady bilen ýardam ugratmak hakyndaky Kararnama gol çekdi.
Owganystanyň Farýap welaýatnyň Garamogal etrabynda guralan dabarada halka azykdan, trikotaž önümlerinden we goşlardan ybarat ýardam paýlandy. Etrapda abatlanan saglyk öýi açyldy we lukmançylyk enjamlary hem-de derman bilen üpjün edildi. Ýurduň mekdeplerine okuw kitaplary berildi.
Owgan halky ýurtdaky syýasy durnuklylygyň ýola goýulmagy we ugradylan kömekler üçin Türkmenistana sagbolsun aýtdy.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Söwda ministri Türkmenistanda saparda bolýar
Türkiye bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösýär