Mejlisiň Başlygy Şentop Aşgabada Bardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistana Resmi Sapar Edýär

1907682
Mejlisiň Başlygy Şentop Aşgabada Bardy
Şentop Aşkabat 6.jpg
Şentop Aşkabat 2.jpg
Şentop Aşkabat 3.jpg
Şentop Aşkabat 5.jpg
Şentop Aşkabat 4.jpg

Şentopy howa menazilinde türk we türkmen resmileri garşylady. Şentop soň Garaşlyk ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentopuň uçary Aşgabadyň halkara howa menziline gondy. Türkmen çagalary Şentopy gül desseleri bilen garşylady. Soň özüni garşy alan protokolyň agzalary bilen görüşdi. Şentopy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçisi Gogan Oral we İlçihananyň işgärleri garşylady.

Soň Garaşsyzlyk ýadygarligine gül desselerini goýan Şentopa ol ýerde türk we türkmen taryhynyň Alp Arslan, Ärtogrul Batyr ýaly gahrymanlarynyň heýkelleri görkezildi. Haly muzeýine baryp gören Mustafa Şentopa ol ýerde türkmen halylary hakynda giňişleýin maglumat berildi.

 



Degişli Habarlar