2024 Magtymguly Pyragy Ýyly Yglan Edildi

Türki medeniýetiniň halkara dolanşygy TÜRKSOÝ Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň Ýyly” diýip yglan etdi.

1904335
2024 Magtymguly Pyragy Ýyly Yglan Edildi
(2).jpg
(1).jpg

2024 Magtymguly Pyragy Ýyly Yglan Edildi

TÜRKSOÝ Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Medeniýet ministrlriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň Jemýleýji resminamasynda Türkmenistanyň Änew şäheri “2024-nji ýylda Türki dünýäniň Medeniýet paýtagtlygyna” saýlanandygy mälim edilýär.

TÜRKSOÝ-uň Hemişelik geňeşiniň 39-njy Mejlisi Mehmet Nuri Ersoýuň ýolbaşçylyk etmeginde agza ýurtlaryň Medeniýet ministrleriniň gatnaşmagynda 2022-nji ýylda Türki dünýäniň Medeniýet paýtagty Bursada geçirilipdi.

Mejlisiň jemleýji resminamasynda TÜRKSOÝ tarapyndan başladylan Türki dünýäniň medeniýet paýtagty we Hatyralama ýylyny yglan etme maksatnamalarynyň netijeli dowam etdirilmegi üçin kararlaryň iki ýyl öňünden kabul edilmegi boýunça ylalaşyldy.

Jarnamada Türkmenistanyň b.e.ozalky ýyllarda gurlan taryhy Änew şäheriniň 2024-nji ýyl üçin Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi habar berilýär. Geňeş aýratynam Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tekliplerine laýyklykda doglan gününiň 300 ýyllygy mybasybetli 2024-nji ýylyň Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegine karar berdi.

Türki dünýäniň medeni mirasynyň tanyşdyrylmagy we syýahatçylyk potensialyna goşant goşmak maksady bilen Medeniýet paýtagtlaryna festiwallar geçirilýär.

Şu ýyl Bursada geçirilen Gorkut Ata kino-film festiwalynyň yglan edilen Medeniýet paýtagtlarynda guralmagy hakyndaky karara laýyklykda 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar.

Türki dünýäniň Medeni paýtagty derejesi 2023-nji ýyl üçin Azerbaýjanyň Şuşa şäherine berildi.



Degişli Habarlar