Aşgabatda Saglygy Goraýyş Sergisi Geçirildi

Döwletiň saglygy goraýyş pudagyny ugrukdyrýan hünärmenleriň jemlenşen sergisinde soňky ýyllarda öndürilen lukmançylyk enjamlary bilen welaýatlardaky saglygy goraýyş işleri tanyşdyryldy.

1890970
Aşgabatda Saglygy Goraýyş Sergisi Geçirildi
Türkmenistan’da Sağlık Alanında Fuar Düzenlendi (5).jpg
Türkmenistan’da Sağlık Alanında Fuar Düzenlendi (4).jpg
Türkmenistan’da Sağlık Alanında Fuar Düzenlendi (2).jpg

Ruhy sagdynlygyň jemgyýetde gözýetimi giňeltmek maksady bilen bellenilip geçilýän “Bütindünýä rug sagdynlygy güni” bilen “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş lukmançylyk senagatynyň işgärleriniň güni” her ýylyn 10-njy oktýabrynda bellenilip geçilýär.

Bu möhüm gün mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we Senagat Birleşmesiniň Sergi köşgünde

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň guramagynda geçirilen çärä hökümetiň agzalary, halk depputatlary, döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäre dabara bilen başlady we soň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň ýüzlenmesi okaldy. Türkmenistanyň Lideri ýüzlenmesinde saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň ýurduň sosial üpjünçilgine goşýan goşandyna ünsleri çekdi. Lukmançylykda täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň höweslendirilýändigin, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we bilelikde BMG-niň hünärmen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigini beýan etdi.

Sergide döwlet maksatnamalaryna girizilen taslamalar tanyşdyryldy; saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça alynyp barylýan işler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Çärede 30-dan gowrak ýurtdan 150-den gowrak firma derman we lukmançylyk enjamlaryny sergilediler.

 



Degişli Habarlar