Pakistanyň Nebit ministri Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Musadik Masood Maliki kabul etdi

1883794
Pakistanyň Nebit ministri Türkmenistanda saparda boldy
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (2).jpg
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (3).jpg
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (4).jpg
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (5).jpg
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (6).jpg
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (7).jpg
Pakistan Petrol Bakanı Türkmenistan’ı Ziyaret Etti (8).jpg

Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşyk taslamasy bilen şol ugurda ýerleşjek energiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bagly taslamalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Tebigy gaz önümçiliginde dünýäde ilkinji 5 ýurduň 1-i bolan Türkmenistan elindäki uglewodorod çeşmelerini satjak ýurtlaryň sanyny artdyrmak isleýär. Şol maksat bilen gurluşygy dowam edýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygynyň Pakistandaky tapgyryny ele almak maksady bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Musadik Masood Malike Aşgabada sapar guramak üçin çakylyk ugradyldy.

Myhman ministr ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşyk taslamasy bilen şol ugurda ýerleşjek optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň gurluşygy bilen bagly taslamalar maslahatlaşyldy. Ady agzalan taslamalaryň bütin sebitiň durmuş-ykdysady taýdan özgermegine we global ykdysady gatnaşyklara gymmatly goşandynyň boljakdygy aýan edildi.

Saparda doganlyk iki ýurt bolan Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn häsýetde düşünje we ynam içinde durnukly bir ýagdaýda dowam etjekdigi beýan edildi.

Türkmenistan başdan geçirilen sil apaty sebäpli Pakistana lukmançylyk enjamlaryndan, dermanlardan, agyz suwundan, egin-eşikden we dokma önümlerinden ybarat ynsanperwer kömek ugradan ilkinji ýurtlaryň biridir.



Degişli Habarlar