Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady ösüşleriniň sergisi geçirilýär

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýeten sepgidini görkezýän sergi geçirilýär

1882910
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady ösüşleriniň sergisi geçirilýär
Türkmen Ekonomisin Geldiği Nokta Gözler Önüne Serildi (2).jpg
Türkmen Ekonomisin Geldiği Nokta Gözler Önüne Serildi (3).jpg
Türkmen Ekonomisin Geldiği Nokta Gözler Önüne Serildi (4).jpg
Türkmen Ekonomisin Geldiği Nokta Gözler Önüne Serildi (5).jpg
Türkmen Ekonomisin Geldiği Nokta Gözler Önüne Serildi (6).jpg

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerli işewür adamlaryň gatnaşmagynda sergi geçirilýär.

Sergide soňky ýyllarda amala aşyrylan galkynyş göçümleri bilen güýçlenen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň ýeten sepgidi görkezilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürýän ýerli işewür adamlar bir ýere jemlendi. Biri-birinden tapawutly önümleriň sergilenýän serginiň açylyşyna hökümet agzalary, býurokratlar we diplomatlar gatnaşdylar.

TRT-nyň Aşgabatdaky wekili Ugur Sami Gezer: “Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide türkmen kärhanalarynyň ýerine ýetiren işleri bu sergide görkezildi” diýdi.

Sergä nebit önümleri, gurluşyk harytlary, azyk önümleri senagaty, oba hojalyk, söwda, ulag, logistika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndan 200-den gowrak milli wekil gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, açylyşy ýerine ýetirilen sergi mynasybetli gatnaşyjylara ýüzlenip beren ýüzlenmesinde, ýurdyň täze eýýamynda senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylandygyny, ykdysadyýetiň güýçlenendigini beýan etdi. Döwlet we hususy pudak hyzmatdaşlygy bilen halkyň abadançylygy üçin ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda özgertmeleriň geçirilendigini mälim etdi.

Sergide pudagyň wekilleri öz ugry boýunça täzeçil we döwrebap önümleri sergilediler, türkmen işewür adamlarynyň üstünlikleri sergilendi.

Kärhananyň ýolbaşçysy, Hezretguly Çaryberdiýew: “Biz Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide görüşiňiz ýaly tüwi, bulgur, merjimek, pisse we çigit ýaly önümlerimizi sergiledik” diýip habar berdi.

Kärhananyň ýolbaşçysy, Mämmedow Ata: “Türkmenistanda halal azyk önümleri bilen bagly maldarçylyk we süýt önümlerini öndürýäris. 2012-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat berýäris” diýip mälim etdi.

Sergi mynasybetli ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda diýen ýaly iş alyp barýan kärhanalaryň ýeten sepgidi orta goýuldy.



Degişli Habarlar