Aşgabatdaky Bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebinde ilkinji jaň kakyldy

1998-nji ýyldan bäri hyzmat berýän Aşgabatdaky Bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebinde täze okuw ýyly uly şowhun bilen başlady

1874801
Aşgabatdaky Bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebinde ilkinji jaň kakyldy
Aşkabat’ta Ortak Türkmen - Türk Okulunda Ders Zili Çaldı 3.jpg
Aşkabat’ta Ortak Türkmen - Türk Okulunda Ders Zili Çaldı 4.jpg
Aşkabat’ta Ortak Türkmen - Türk Okulunda Ders Zili Çaldı.jpg

Mekdebiň howlusynda geçirilen dabara Türkiye Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Bilim geňeşçisi Mustafa Kirazogly, mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar gatnaşdylar.

Aşgabatda ýerleşýän Bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebiniň düzümindäki başlangyç synp, orta synp we liseýde okaýan okuwçylar, täze okuw ýylyna ilkinji gadamyny basdylar. Mekdebiň howlusynda geçirilen dabara hormatly dymyşlyk we iki ýurduň milli senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady.

Ondan soň Türkiye Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral söz sözledi. Bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebiniň Türkimenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklarda doganlygyň iň gowy nyşanydygyny beýan etdi we okwuçylardan hem okamaklaryny hem-de gowy wagt geçirmeklerini isledi.  

Türkiye Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral: “Biziň Tükmenistanda, Ata Watanymyzda, doganlyk ýurdumyzda doganlygyň iň görnükli nyşany bolan Bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebiniň täze 2022-2023-nji okuw ýylyna şu gün başlaýarys. Hormatly okwuçylar siz şonsyz hem okamak, öwrenmek we gowy wagt geçirmek üçin bu ýere gelýärsiňiz. Bu ýer hakykatdan hem gyzykly wagt geçirip boljak bir ýer. Sebäbi öwrenmek örän gyzykly zat. Okamak örän gyzykly zat. Onuň lezzetini alyp, bu ýerde her gün gowy wagt geçiriň” diýip belledi.

Iki ýurduň liderleriniň we syýasy ygtyýaryň ähli okuwçylaryň arkasyndadygyny aýdan Togan Oral, okuwçylara täze okuw ýylynda üstünlikler diledi. Geçen ýyl Prezident Erdoganyň Türkmenistana guran saparynyň çäginde, Bilim ugrunda hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekilipdi, Emine Erdogan tarapyndan ähli okuwçylara planşet we kanselýariýa harytlary sowgat edilipdi.

Düzüminde 29-y türk, 9-y türkmen mugallymy bilen tejribeli bilim kadry bolan mekdepde jemi 420 okuwçy bilim alýar. 25-nji maýa çenli dowam etjek okuw ýylynyň ahyrynda uçurym bolýan okuwçylar Türkiye we Türkmenistan başda bolmak bilen tapawutly ýurtlardaky saýlanan uniwersitetlere ýerleşýärler.



Degişli Habarlar