Aşgabatda Ýeňiş Baýramy Mynasybetli Banket Berildi

30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň kabulhanasynda ýörite banket berildi.

1874296
Aşgabatda Ýeňiş Baýramy Mynasybetli Banket Berildi
00005.00_00_12_10.Still001.jpg
00005.00_03_36_13.Still005.jpg
00005.00_00_52_02.Still003.jpg

Ilçi Togan Oralyň hemaýat bermeginde guralan çärede 30-njy awgustyň many-mazmuny hakynda maglumat berildi. Prezident Erdoganyň gutlag ýüzlenmesi atnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Türk taryhynyň iň esasy öwrülşik nokatlaryndan biri bolan Beýik ýeňişiň 100-nji ýyly Türkmenistanda hem bellenilip geçildi. Şol çäkde Türkiýäniň Aşgabatdaky İlçisi Togan Oralyň ýer eýeçiliginde berilen bankede Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew bilen bilelikde ýurtda işleýän ilçiler, harby attaşeler, döwlet guramalarynyň wekilleri bilen medianyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäre hormatly dymyşlyk we iki ýurduň döwlet senalatynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady. İlçi Oral çäräniň açylyşynda sözlän sözünde ýüz ýyl ozal Mustafa Kemal Paşanyň öňbaşçylygyndaky türk goşunlarynyň 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda uly ýeňiş gazanandygyny aýtdy. Şol şanly ýeňiş bilen Anadolynyň türk halkynyň baky ata watanydygyny subut edendigini beýan etdi. Umumy taryha eýe bolan türk we türkmen halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň iki  ýurduň liderleri bilen güýçlenmäge dowam etjekdigini nygtady. Soň Prezident Erdoganyň Ýeňiş baýramy mynasybetli beren ýüzlenmesi gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Bänketde türk aşhanasynyň saýlama tagamlary hödür edilip, türk goranyş senagatynyň ýeten sepgidi hakynda wideo rolik görkezildi.



Degişli Habarlar