Türkmen Lider deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagy, Türkiýäniň Antalýa syýahatçylyk zolagyny ýadyňa salýar

1863797
Türkmen Lider deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
P02-08-004.jpg
Türkmen Lider Avaza’da Yeni Bir Yazlık Tesisi Açtı 2.jpg
Türkmen Lider Avaza’da Yeni Bir Yazlık Tesisi Açtı 3.jpg
Türkmen Lider Avaza’da Yeni Bir Yazlık Tesisi Açtı 4.jpg
Türkmen Lider Avaza’da Yeni Bir Yazlık Tesisi Açtı 5.jpg
Türkmen Lider Avaza’da Yeni Bir Yazlık Tesisi Açtı 6.jpg
Türkmen Lider Avaza’da Yeni Bir Yazlık Tesisi Açtı 7.jpg

Türkmenler tomus dynç alyş günlerini Hazar deňiziniň kenaryndaky bu ajaýyp syýahatçylyk zolagynda geçirýär.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, 10 gektarlyk ýerde gurulan 900 myhmana niýetlenen täze kottejler toplumunyň açylyşyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň uly maýa goýumlar goýup, dünýä syýahatçylygyna goşant goşup, Hazar deňiziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagyny tomus möwsüminde köp sanda adamyň dynç alyp biljek möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň birini emele getirýär. Syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde döwrebap myhmanhanalar, saglygy goraýyş merkezleri, kottejler toplumy, seýilgähler we şüweleň merkezleri bar. Indi bolsa şolaryň hataryna ýene-de biri goşuldy.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, birnäçe gün ozal 48 sany kottejden we myhmanhana görnüşinde gurulan tomus dynç alyş desgasyndan ybarat kottej şäherçesiniň açylyşyny amala aşyrdy. Hazar deňiziniň kenarynda gezelenç eden türkmen lider Awazada gurluşygy dowam edýän desgalar barada maglumat aldy, resmilere raýatlaryň saglykly we howpsuz ýagdaýda dynç almaklary üçin gerek bolan çäreleriň görülmegi barada görkezme berdi.

Ugur sami Gezer, TRT-nyň Aşgabat şäherindäki wekili: “Pandemiýa bilen baglanşykly çäklendirmeler ýuwaş-ýuwaşdan aýrylýar. Tomus möwsüminiň gelmegi bilen birlikde Awazada taýarlyklar artdyrylýar. Bu ýere geljek türkmenler Hazar deňiziniň şypaly suwlarynda keýpini görerler“ diýip belledi.

Türkiýäniň Antalýa syýahatçylyk zolagyny ýadyňa salýan Hazar deňiziniň merjeni Awaza, ýylyň ähli aýynda myhman kabul edip bilýär.

Aýlar Nobatowa, okuwçy: “Mekdepde okaýaryn. Mekdepler tomus dynç alyş möwsümine girdi. Biz hem maşgalamyz bilen bielikde Awaza dynç almaga geldik. Deňiz we howa örän gowy. Gämi bilen deňizde gezelenç etdik. Döwlet baştutanymyza bu mümkinçilikleri döredendigi üçin köp sag bolsun aýdýaryn” diýip belledi.  

Andreý Öwezow, dolandyryjy: “Tomus dynç alyş möwsümini maşgalaňyz bilen bilelikde Awazada geçirmegiňizi maslahat berýärin. Dynç almaga gelýänler üçin bu ýerde türkmen tagamlarynyň ýoldaşlyk etmeginde çäreler, konsertler geçirýäris. Döwletimiz gowy mümkinçilikler hödürleýär” diýip belledi.

Awaza dynç almaga geljek adamlaryň zolaga gelmezlerinden ozal Kowid-19 sanjymlaryny etdirmekleri we 3 gün öňünden PCR testlerini etdirmkleri talap edilýär.



Degişli Habarlar