Gruziýanyň Premýer ministri Türkmenistanda saparda boldy

Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili iki ýurdyň arasynda ýola goýulan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana sapar gurady

1857802
Gruziýanyň Premýer ministri Türkmenistanda saparda boldy
Gürcistan Başbakanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti (1).jpg
Gürcistan Başbakanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti (2).jpg
Gürcistan Başbakanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti (3).jpg
Gürcistan Başbakanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti (4).jpg
Gürcistan Başbakanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti (5).jpg

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Söwda we ykdysady ugurlar boýunça ylalaşyk resminamalaryna gol çekişildi.

Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili, düý Oguzhan köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ähmiýet berýändiklerini aýdan Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow hem Gruziýa bilen uzak möhletleýin özara ynanyşmak esasynda ýola goýulan hökümetara gatnaşyklary has hem ösdürmek isleýändiklerini habar berdi. Ondan soň bolsa iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda hökümetara komissiýa maslahaty geçirildi.

Geçirilen maslahatda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen bagly tagallalary özgertmek babatynda ylalaşdylar. Söwda we ykdysadyýet ugurlary boýunça ylalaşyk resminamalary gazanyldy. Ýewropanyň bazarlaryna ýetilmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan Hazar deňizi bilen Gara deňiziň arasyndaky aragatnaşyk koridorynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn häsýetdäki önümleriň satuwlarynyň göwrümlerini artdyrdylar. Iki ýurduň arasynda gönüden uçar saparlarynyň ýola goýulmagy bilen birlikde köp sanda umumy ylalaşyk resminamalaryna gol çekildi.



Degişli Habarlar