Türkmenistanyň Döwlet baştutany Eýrana sapar gurady

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt saparlaryny dowam etdirýär

1844415
Türkmenistanyň Döwlet baştutany Eýrana sapar gurady
Türkmen Lider Tahran’ı Ziyaret Etti. 2.jpg
Türkmen Lider Tahran’ı Ziyaret Etti. 3.jpg
Türkmen Lider Tahran’ı Ziyaret Etti. 4.jpg
Türkmen Lider Tahran’ı Ziyaret Etti. 5.jpg
Türkmen Lider Tahran’ı Ziyaret Etti. 6.jpg

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Russiýa saparyndan soň, indi bolsa Eýrana iki günlik resmi sapar gurady.

Saparyň çäginde iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrjak ençeme resminama gol çekişildi.

Saýlawdan soň ilkinji resmi saparyny Moskwa guran Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, indi bolsa Tährana sapar amala aşyrdy.

Türkmen lider üçin Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan Sadabat köşgünde resmi garşylyma dabarasy geçirildi, ondan soň bolsa ikiçäk we toparara gepleşikler geçirildi.

Türkmen liderine sapary üçin minnetdarlyk bildiren Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özgermegine güýçli ýagdaýda itergi berjekdigini we hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny beýan etdi. Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň goňşuçylyk gatnaşyklaryndan öte, doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow hem, Eýran bilen biri-birinden tapawutly ugurlarda bilelikde iş salyşmaga hemişe taýardyklaryny beýan etdi. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwlet serhediniň dostluk we ýagşy niýet serhedidigini belledi. Hazar deňiziniň ikitaraplaýyn häsýetdäki hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrülmegini isleýändiklerini aýdan türkmen lider, eýranly kärdeşini Hazar Deňizine kenardaş ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.

Söwda, Energetika we Transport ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen toparara gepleşiklerde, ulag-üstaşyr geçelgeler boýunça ýük daşamagyň üstünde durulyp geçildi, iki ýurdyň arasyndaky ýük daşamak mukdarynyň 50 göterim artandygy beýan edildi. Söwda gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegi üçin iki ýurdyň işewür adamlarynyň goldanmagy maksady bilen Tähran-Aşgabat söwda merkeziniň döredilmegi barada karara gelindi. Türkmen gazynyň Eýrana ugradylmagy bilen bagly ylalaşygyň ýaňadandan güýje girmegi we gaz üpjünçiliginiň artdyrylmagy ýaly meseleleriň üstünde durulyp geçildi.

2022-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda Tükmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda mukdary, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende takmynan 80 göterim artyp, 149 million dollara ýetdi.

Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ykdysadyýet, söwda, transport, aragatnaşyk, oba hojalyk we ilat ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek buýunça ençeme ylalaşyk resminamasyna gol çekişildi.



Degişli Habarlar