Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri

Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirdi.

1843768
Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi1.jpg
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi2.jpg
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi3.jpg
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi4.jpg
iran türkmenistan Reisi Raşid Meredov.jpg
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi6.jpg
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi.jpg
iran Türkmenistan Serdar Berdimuhamedov Reisi5.jpg

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.

Olarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, geljegi uly hasaplanylýan gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar, şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esaslara däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bilelikdäki işiň netijeleri boýunça toplanan tejribeleri we bar bolan serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan çemeleşmeleri kesgitlemäge oňyn şertleri üpjün etdi. (TDH)



Degişli Habarlar