Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda saparda bolýar

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Eýrana guran saparynyň çäginde iki ýurdyň arasynda tapawutly ugurlar boýunça 9 ylalaşyk resminamasyna gol çekişildi

1843882
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda saparda bolýar

Resmi sapar bilen Eýranyň paýtagty Tähran şäherine baran Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Sadabad köşgünde Prezident Ebrahim Raisi tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Toparara we ikiçäk geçirilen gepleşiklerden soň, iki Prezidentiň ýolbaşçylygynda söwda, ykdysadyýet, transport, tranzit geçişler, medeni gatnaşyklar, bilim, tehnika, daşky gurşaw we döwlet telewideniýe we radio guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly resminama gol çekişildi. 

Raisi Berdimuhamedow bilen geçiren metbugat ýygnagynda, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowy derejededigini belläp: "Türkmenistan bilen soňky 30 ýylda gowy gatnaşyklarymyz boldy. Bu sapar hem iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar taýdan öwürlişik nokady bolup biler" diýip belledi. 

Owganystan meselesinde hem iki ýurdyň garaýyşlarynyň biri-birine ýakyndygyny aýdan Raisi: "Owganystanda ähli etniki toparlaryň gatnaşmagynda giňişleýin bir hökümediň döredilmeginiň gerekdigine ynanýarys. Sebitiň meseleleri sebitiň resmileri tarapyndan çözülmelidir" diýip habar berdi. 

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow: "Iki ýurdyň gatnaşyklarynda energetika we transport strategik taýdan möhüm ugurlardyr. Şol ugurdaky işler dowam eder" diýip mälim etdi. 

Türkmen lider: "Ýurtlarymyz Owganystanyň sebitleýin we halkara taslamalara gatnaşýan durnukly bir döwlet bolmagyny isleýär" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar