Türkmenistanda Konstitutsiýa we Baýdak baýramy bellenilip geçildi

Türkmenistanda Konstitutsiýa güni we Döwlet Baýdak güni baýramlary bellenilip geçildi

1829374
Türkmenistanda Konstitutsiýa we Baýdak baýramy bellenilip geçildi
“Anayasa ve Bayrak Günü” Türkmenistan’da Kutlandı (2).jpg
“Anayasa ve Bayrak Günü” Türkmenistan’da Kutlandı (3).jpg
“Anayasa ve Bayrak Günü” Türkmenistan’da Kutlandı (4).jpg
“Anayasa ve Bayrak Günü” Türkmenistan’da Kutlandı (5).jpg
“Anayasa ve Bayrak Günü” Türkmenistan’da Kutlandı (6).jpg

Türkmenistanda Konstitutsiýanyň kabul edilmeginiň güni we Döwlet Baýdak güni mynasybetli, ýurdyň ähli ýerinde dabaralar geçirildi.

Aşgabat şäherinde geçirilen resmi baýram dabarasyna ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Konstitutsiýanyň kabul edilmeginiň güni we Milli Baýdak güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Konstitutsiýa binasynyň ýanyndaky meýdançada we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýanyndaky meýdançada gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi.  

Dabara ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow başda bolmak bilen hökümediň agzalary, mejlisiň başlyklary, Ýaragly güýçleriň serkerdeleri, döwlet işgärleri we guramadyr-edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. 133 metr uzynlygyndaky baýdagyň ýerleşýän ýerindäki meýdança we Konstitutsiýa binasyna gül desseleri goýuldy, Döwlet Senasy ýerine ýetirildi.

Ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini iberdi.

Gutlag ýüzlenmesinde, 30 ýyl ozal milli we ähliumumy ýörelgeler esasynda emele getirilen Konstitutsiýanyň kabul edilmegi bilen demokratik we dünýewi döwletiň düýbüniň tutulandygyny aýdan Döwlet baştutany, Konstitutsiýanyň we Baýdagyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kabul edilýändigini beýan etdi. Taryhy tapgyryň çäginde galkynyş ýolunda möhüm özgertmeler amala aşyrylandygyny we iki mejlisli kanunçylyk döwrüne geçilendigini nygtady. 2022-2052-nji ýyllar aralygyndaky Galkynyş maksatnamasy bilen täze eýýamda Garaşsyz döwletiň has hem galkynjakdygyny belläp: “Türkmenistanyň Konstitutsiýa we Baýdak güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn” diýip habar berdi.

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda Konstitutsiýa we Döwlet baýdak güni mynasybetli dabaralar, çäreler we konsertler geçirildi.

Türkmenistan Konstitutsiýasyny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul etdi we resmi dynç alyş güni hökmünde yglan edilen şu gün Döwlet Baýdak güni bilen birleşdirildi. Bu ýörite günler ýurtda 30 ýyl bäri bellenilip geçilýär.

 



Degişli Habarlar